Tohumdan ösümlik ösdürip ýetişdirmek boýunça instruksiýalar
Birýyllyklar
Köpýyllyklar
Gök önümler
Ýaş sogan
Ukrop, fenhel, tmin, anis
Gyzyl burç, pomidor we badamjan – tohum ekişi
Kösükliler – noýba, nohut, soýa, ýer hozy (arahis, hytaý hozy)
Agaçlar we gyrymsylar
Ýekşenbe 20.12.2009 23:02 | Print | Ösümlik ýetişdirmek boýunça instruksiýalar
Enaýy welwiçiýa (Welwitschia mirabilis) – gadymy ösümlik ýetişdiriň
Enaýy welwiçiýa ýa-da üýtgeşik welwiçiýa (Welwitschia mirabilis) örän gadymy ösümlik bolup, ol häzirki wagtda diňe Atlantik okeanyň kenarýakasyndaky çölde, Namibiýada we Angolanyň günortasynda çaklaňja territoriýada ösýär. Bu agaç göräýmäne onçakly öwerlikli görünmeýär. Tutuş ösümlik tegelek kök baldakdan we 2 sany 2–4 metrlik işilen lentany ýadyňa salyp duran hemişe ösýän 2 sany ýaprakdan ybaratdyr. Şol sebäpli hem welwiçiýa üýşüp ýatan zir-zibile çalym edýär. Ýöriteläp aýdylanda, gürrüň pyntyk ýarýan, hemişe ösmekligini dowam etdirýän, guraýan we uçlary tüýdülip duran ýapraklar barada barýar.
Ýekşenbe 20.12.2009 11:07 | Print | Ekzotik ösümlikler
Nicotiana glauca temmäkisi – perspektiwaly balkon ösümligi
Gök temmäki ýa-da gök nikotiana
Adamzadyň täze bir zada bolan islegi adatdan daşary sabyr-takatsyzdyr. Islendik höwesjeň bagban öz bagynda nähilidir bir täze, henize bu güne çenli görlüp eşidilmedik hem-de hiç kimde ýok bir zat ösdürip ýetişdiresi gelýändir… Şonuň üçin hem gül bazary hemişe täzeligiň arzuwyndaky höwesjeň bagbanlaryň teşneligini gandyrmak üçin her ýyl köp sanly täzelikleri hödürleýär. Ýöne söwda üçin köpeldilýän täze ösümlikler tizden diňe adaty assortimente öwrülýär oturyberýär.
Ýekşenbe 20.12.2009 09:00 | Print | Ekzotik ösümlikler, Ösümlik ýetişdirmek boýunça instruksiýalar
Däne möjejiklerine garşy göreşeliň
Däne möjejiklerini megerem hiç kime tanyşdyryp oturasy iş ýokdur. Bu ownujak möjejikler (3–4 mm) aşhana kösükliler maşgalasyna degişli tas ähli zatlaryň arasynda bolýarlar.
Zyýan berijiler kösüklileriň ähli görnüşleriniň tohumynda ösüp ýetişýärler. Aslynda kösüklileriň her bir görnüşiniň özüne mahsus däne möjejigi bolýar: noýbada – noýba möjejigi, nohutda – nohut, merjimekde – merjimek, mäşde – mäş,…
Ýekşenbe 20.12.2009 06:54 | Print | Zyýan berijiler
Soganlyk we ösümlik ekişi
Satyn alyp poçta rkaly getirden ösümligiňizi (nahalyňyzy) gabyndan çykaryň we 2–3 günläp kölegelik ýerde goýuň. Ikinji bir mümkinçilik hökmünde olary bada-bat oturdyp, soňra bolsa iki günläp üstüni ýapyp goýuň (meselem kanselýariýa kagyzy, tagta). Şeýtseňiz olary gönümel gün şöhlesinden gorarsyňyz. Ýogsam siz olary güýçli gün şöhlesiniň täsirine sezewar edersiňiz.
Şenbe 19.12.2009 07:55 | Print | Ösümlik ýetişdirmek boýunça instruksiýalar
Gelşikli ik şekilli alma ýetişdirmek
Bazar ykdysadyýeti özi bilen birlikde köp özgerişlikleri-de getirdi. Olardan biri-de, önümçiligiň netijeliligini we bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen oba hojalyk önümçiliginiň pugtalandyrylmagydyr. Bagbançylykda ekin meýdanlaryny has netijeli peýdalanmak maksady bilen, bu güýçlendirme uzyn boýly we gyrymsy agaçlardan has pessejik görnüşlere geçmekligi aňladýar. Has pes boýly agaçlary ösdürmegiň köp peýdalary bar, ol işlemegi ýeňilleşdirýär we miwäniň hilini täze derejä çykarýar. Pessejik alma agaçlaryna “gelşikli ik”, “aşa gelşikli ik”, “gün oky” (solar axe) we beýlekiler degişlidir. Olardan has perspektiwalysy we köp ulanylýany “gelşikli ik” şekilli agaçdyr.
Şenbe 19.12.2009 06:52 | Print | Ösümlik ýetişdirmek boýunça instruksiýalar
Orulan oty näme etmeli?
Orulan oty näme etmeli? Eger siz owadan pessejik gazony halaýan bolsaňyz, onda ony ýygy-ýygydan orýansyňyz. Emma ýygy-ýygydan orulanda, orulan ot köp üýşýär, bu bolsa size (eger siz ony üýşürmeýän bolsaňyz) diňe päsgel berýär. Şonuň üçin meniň köp sanly bagban tanyşlarym ony zyňýarlar. Men diňe kellämi ýaýkap geň galýaryn, olar näme üçin iň arzan döküni isrip edýärler.
Pepino ýetişdireliň
Pepinonyň (botaniki ady Solanum muricatum) dogduk mekany Peru ýa-da Kolumbiýa bolmagy ahmal. Bu ýerlerden ol bütin Latyn Amerika we hatda onuň çäklerinden daşarda-da ýaýrapdyr. Häzirki wagtda ony iň köp Boliwiýada, Ekwadorda we Täze Zelandiýada ösdürýärler.
Pepino Ýewropa takmynan 1785-nji ýylda getirildi. Onuň köpeldilmegi bilen meşgullanan ilkinji ýewropalylaryň arasynda Lýudwik XVI, şeýle hem Kýudaky (Kew) (Londonda) britaniýa korollygynyň bagbançylyk jemgyýeti hem bar.
Anna 18.12.2009 08:50 | Print | Ekzotik ösümlikler
Mangony tohumlaryndan ösdürip ýetişdirmek
Tohumlaryň gögerijiliginiň ýokary bolmagy üçin ýaňy ýygylan tohumlary ekmek gerek. Tohumlary takmynan 20–25 °C temperaturaly ýerde, suwda 2–6 sagat ezip goýmaly.
Penşenbe 17.12.2009 22:17 | Print | Ekzotik ösümlikler, Ösümlik ýetişdirmek boýunça instruksiýalar
Kalimantan mangosy, Kasturi (Mangifera casturi)
Kalimantan mangosy (Mangifera casturi) ýa-da Kasturi, ony ýerliler şeýle atlandyrýarlar. Bu takmynan 10–30 m uzynlygyndaky tropiki agaç bolup, Günorta Borneoda (Indoneziýa) ýerleşýän Banjarmasiniň töweregindäki örän kiçijek sebitde ösýär. Häzirki wagtda bikanun ýygylýandygy üçin tebigatda bu ösümligiň tohumy gutardy. Şeýle-de bolsa ol henizem süýji miweleri üçin ösdürilip ýetişdirilýär.
Çarşenbe 16.12.2009 07:14 | Print | Ekzotik ösümlikler
KPR kluby hakda
Ösümlikleri ekip ýetişdirmekdäki tejribäňizi paýlaşyň. Bu barada makala ýazyň we ony öz diliňizde Botanix žurnalynda çap etdiriň! Has jikme-jik maglumat üçin biziň bilen habarlaşyň.