Enaýy welwiçiýa (Welwitschia mirabilis) – gadymy ösümlik ýetişdiriň
Enaýy welwiçiýa ýa-da üýtgeşik
welwiçiýa (Welwitschia mirabilis) örän gadymy ösümlik bolup, ol häzirki
wagtda diňe Atlantik okeanyň kenarýakasyndaky çölde, Namibiýada we
Angolanyň günortasynda çaklaňja territoriýada ösýär. Bu agaç
göräýmäne onçakly öwerlikli görünmeýär. Tutuş ösümlik tegelek kök
baldakdan we 2 sany 2–4 metrlik işilen lentany ýadyňa salyp duran hemişe
ösýän 2 sany ýaprakdan ybaratdyr. Şol sebäpli hem welwiçiýa üýşüp
ýatan zir-zibile çalym edýär. Ýöriteläp aýdylanda, gürrüň pyntyk
ýarýan, hemişe ösmekligini dowam etdirýän, guraýan we uçlary tüýdülip
duran ýapraklar barada barýar.
Şonuň üçinem welwiçiýa tutuş
ömrüniň dowamynda (hatda miwe getirýän wagtynda) hemişe ösmekligini dowam
etdirýär, bu bolsa ösümlikler dünýäsi üçin kadadan çykmadyr.
Welwiçiýa iki öýli ösümlik we şol sebäpli hem tohum emele getirmek
üçin iki sany ösümlik – erkek we urkaçy gerek bolýar. «Güller»
ýapragyň düýbünden çykýan ýaly bolup gozalarda ýerleşýär (edil
hwoýaly agaçlardaky ýa-da sagowniklerdäki ýaly). Urkaçy gozalar bişensoň
pytraýar we ýeňiljek hem-de şemalda uçjak tohumlarynyň aglabasyny
goýberýär. Filogenetik taýdan ol ösümlikleriň örän gadymy toparyna –
hwoýalylaryň ýakyn urugdaşy bolan gnetliler maşgalasyna (Gnetophyta)
degişlidir. Gnetliler maşgalasyna 3 dürli urug girýär: gnetumlar
(Gnetum) – uly bitewi gyraly ýapraklary bar bolan lianapisint ösümlikler,
efedra (Ephedra) – gyrymsy agaçlar we diňe welwiçiýanyň bir özi.
Welwiçiýanyň ady 1860-njy ýylda onuň üstüni açan slowen botanigi Fridrih Welwiçiň (Friedrich Welwitsch) hormatyna dakylypdyr. Ol Namibiýanyň gerbinde şekillendirilýär.
Çölüň adatdan daşary şertlerine welwiçiýa örän oňat
uýgunlaşypdyr. Ol umuman ygala garaşly däldir, okeandan gelýän ümür oňa
doly ýeterlik bolýar. Ony ösdürip ýetişdirmekde muny ýatda saklamak
zerurdyr. Şowsuzlygyň esasy sebäbi hut çakdanaşa suwarmaklyk we soňra
ösümligiň çüýräp başlamaklygy bolup durýar. Şonuň üçin hem tohumy
çagylly we çägeli topraga ekmek zerurdyr (däneleiň iriligi 2–5 mm),
sebäbi toprakda yzgar saklap bilmeýär, ösýän wagtynda tebigy suwasty daş
bolup durýar. Welwiçiýa suwarylanda ýa-da iň gowusy suw pürkdürilende
örän ägä bolmaly. Tohum ezileninden soň bir hepdäniň içinde
şineleýär. Bu ösümligi diňe günorta tarapdaky penjiräniň öňünde
ösdürmek bolýar. Ol ösýän mahaly sabyr-takatly bolmak hökmanydyr, ýagny
ösümlik örän haýal ösýär, edil janly dinozawryň bar-da. Eger oňa
ýeterlik gurak we ýagty ýer üpjün etseňiz, ol gürrüňsiz siz hakda
aladalanar! 
««« Öňki makala: Nicotiana glauca temmäkisi – perspektiwaly balkon ösümligi Indiki makala: Tohumdan ösümlik ösdürip ýetişdirmek boýunça instruksiýalar »»»
Ýekşenbe 20.12.2009 11:07 | Print | Ekzotik ösümlikler
KPR kluby hakda
Ösümlikleri ekip ýetişdirmekdäki tejribäňizi paýlaşyň. Bu barada makala ýazyň we ony öz diliňizde Botanix žurnalynda çap etdiriň! Has jikme-jik maglumat üçin biziň bilen habarlaşyň.