Tohumdan ösümlik ösdürip ýetişdirmek boýunça instruksiýalar
Birýyllyklar
Köpýyllyklar
Gök önümler
Ýaş sogan
Ukrop, fenhel, tmin, anis
Gyzyl burç, pomidor we badamjan – tohum ekişi
Kösükliler – noýba, nohut, soýa, ýer hozy (arahis, hytaý hozy)
Agaçlar we gyrymsylar
Tohumdan ösümlik ýetişdirmek instruksiýalary
Birýyllyklar
Birýyllyk ösümlikleri deslapky ösdürmeklik üçin has ýeňil toprakdan peýdalanyň (gum bilen torfuň garyndysy 1:0–3). Aýaza duýgur görnüşleri öňünden aýazsyz ýerde (kwartira, oranžereýa, ýapyk plýonkaly parnik) ösdürip ýetişdiriň we olary 15-nji maýdan ozal oturdyň.
Küýzäni ýokarsynda 2 sm boş ýer galar ýaly edip gumdan dolduryň. Tohumyň paketini açyň-da ony gabyň ähli ýerine deňje edip sepeläň. Maýda tohumlary (gülälek tohumynyň ululygynda) iň gowusy asla gömmäň. Iri tohumlary ýukajyk toprak gatlagy (0,5–1 sm) bilen gömüň.
Ekeniňizden soň küýzäni aýna bilen ýapyň (bu esasan topraga gömülmedik maýda tohumlara degişli). Aýnany her gün 5–10 minutlap aýryp goýuň. Ilkinji kökjagazlar peýda bolup başlanda, ýaş gögerimleri ýukajyk toprak gatlagy (1–2 mm) bilen gömüň we mundan beýläk aýna bilen ýapmaň. Ýaş ösümlige ýeterlik ýagtylyk mukdary hökmanydyr.
Eger tohumlary ýygjam ekseňiz, onda ýaňy iki sany ýaprajyk çykan mahaly olary ýeke-ýekeden küýzä oturdyp bilersiňiz.
Ownuk tohumlary (zygyr) gömmek gerek däl, sepeläniňizden soň topragy dyrmyklasaňyz bolar. Günebakar bilen mekgejöweni bolsa 5–10 sm-lik çukurjyklara gämikläň. Birýyllyk ösümlikleriň köpüsini öňünden şineledip ýa-da gönümel topraga ekip bilersiňiz. Öňünden şineledilen ösümlikler 1–2 aý ir gülleýär.
Ekiş ýeri: A – oranžereýa, parnik, otag penjiresi, temperatura 20–25 oC B – gönümel topraga, Sifrler aýlary aňladýar, – (kese çyzyk) şitilleriň göçürilip oturdylmaýandygyny aňladýar (tohumlar gönümel hemişelik ýere ekilýär).
| Latynça ady | Slowakça ady | Ekiş ýeri | Ekiş möhleti | Oturdyş |
| Ageratum mexicanum | Agerát mexický | A | 1.-3. | 5. |
| Agrostemma githago | Kúkoľ poľný | B | 9.-10. / 4. | – |
| Amaranthus | Láskavec | B | 4. | – |
| Antirrhinum majus | Papuľka väčšia | B | 4. | – |
| Bidens ferulifolia | Dvojzub metlinatý | A | 2.-3. | 5. |
| Callistephus chinensis | Astrovka čínska | A / B | 3. / 4. | 4.-5. |
| Capsicum sp. | Paprika | A | 3. | 5. |
| Carthamus tinctorius | Požlť farbiarska | B | 4. | – |
| Centaurea imperialis | Nevädza cisárska | B | 4. | – |
| Crupina vulgaris | Krupina obyčajná | B | 3.-4. | –< /td> |
| Pupenec trojfarebný | B | 4. | – | |
| Cucurbis sp. | Tekvica | A / B | 4. | 5. / netreba |
| Cuphea lanceolata | Kufea širokolistá | A | 3.-4. | 5. |
| Dipsacus laciniatus | Štetka laločnatá | B | 9.-11. / 2.-3. | – |
| Dorotheanthus bellidiformis | Poludňovka sedmokrásková | A | 3.-4. | 5. |
| Eragrostis abyssinica | Milota habešská | A | 3.-4. | 5. |
| Eschscholtzia californica | Slncovka kalifornská | A / B | 3. / 4. | – |
| Felicia heterophylla | A / B | 3. / 4. | 5. | |
| Gazania rigens | Gazánia ohnivá | A | 3.-4. | 5. |
| Chrysanthemum coronarium | Chrysamtémovka vencovitá | B | 4. | – |
| Ipomea purpurea | Povojník purpurový | B | 4. | – |
| Lavatera trimestris | Slezovec trojmesačný | B | 4. | – |
| Linum | Ľan | B | 4. | – |
| Lopezia racemosa | Lopézia strapcovitá | A | 3. | 5. |
| Mirabilis jalapa | Nocovka jalapská | A / B | 3. / 4. | 5. |
| Nicandra physalodes | Nikandra machovkovitá | A | 4. | 5. |
| Nicotiana rustica | Tabak dedinský | A | 3.-4. | 5. |
| Nicotiana tabacum | Tabak fajčiarsky | A | (2.-)3.-4. | 5. |
| Nigella damascena | Černuška damascénska | B | 4. | – |
| Nigella orientalis | Černuška východná | B | 4. | – |
| Papaver rhoeas | Mak vlčí | A | 9.-11. / 3.-4. | – |
| Papaver somniferum | Mak siaty | B | 4. | – |
| Phalaris canariensis | Lesklica kanárska | B | 4. | – |
| Portulaca grandiflora | Portulaka veľkokvetá | A | 3.-4. | 5. |
| Riccinus communis | Ricín obyčajný | A / B | 3.-4. / 4. | 5. |
| Salvia splendens | Šalvia ohnivá | A | 2.-4. | 5. |
| Solanum pseudocapsicum | Ľulok paprikový | A | 3. | 5. |
| Tagestes | Aksamietnica | A / B | 4. | 5. |
| Tithonia rotundifolia | Titónia okrúhlolistá | A / B | 3.-4. / 4. | 5. |
| Ursinia anethoides | Urzínia kôprolistá | A / B | 4. | 5. |
| Zea mays | Kukurica siata | B | 4. | 5. |
| Zinnia elegans | Cínia pôvabná | A / B | 4. | 5. |
| jednoročné okrasné trávy: Aegilops, Bromus, Hordeum, Lagurus ovatus | jednoročné okrasné trávy: mnohoštet, stoklas, jačmeň, zajačí chostík | A / B | 4. | 5. / netreba |
Köpýyllyklar
Köpýyllyk ösümlikleriň tohumlarynyň ekilişi hem edil birýyllyklaryňky ýalydyr. Köpýyllyklaryň ähli görnüşlerini günüden-göni daşarda öňünden şineledip bilersiňiz (ilki agaçlaryň ala kölegesinde, soňra bolsa güneşli ýerde).
| Latynça | Slowakça | Ekiş möhleti | Wegetasion köpeliş |
| Achilea | Rebríček | 4. | delením |
| Ajuga | Zbehovec | – | delením |
| Alisma | Žabník | 4.-5. | delením |
| Alyssum | Tarica | 4. | delením |
| Anemone | Veternica | 3.-4. | delením |
| Anthemis tinctoria | Ruman farbiarsky | 4. | |
| Aquilegia | Orlíček | 3.-5. | delením |
| Aristolochia | Vlkovec | 4.-5.* | delením |
| Aruncus vulgaris | Udatník lesný | – | delením |
| Asarum europaeum | Kopytník európsky | – | delením |
| Atropa bella-dona | Ľuľkovec zlomocný | 4.-5. | |
| Batrachium | Močiarka | – | delením |
| Calendula officinalis | Nechtík lekársky | 3.-5. | |
| Callitriche | Hviezdoš | – | delením |
| Campanula sp. | Zvonček | 3.-4. | delením |
| Carex | Ostrica | 3.-4.* | delením |
| Carlina | Krasovlas | 3.-4. | |
| Convalaria | Konvalinka | – | delením |
| Corydalis | Chochlačka | – | delením |
| Dianthus | Klinček | 6.-8. | delením |
| Digitalis | Náprstník | 6.-8. | delením |
| Echinacea purpurea | Echinacea purpurová | 3.-5. | delením |
| Echium | Hadinec | 9.-10., 3.-4. | |
| Eleocharis | Bahnička | – | delením |
| Euphorbia | Prýštec | – | delením |
| Filago arvensis | Bielolist obyčajný | 3.-4. | |
| Gaillardia ariasta | Kokarda ohnivá | 4. | delením |
| Geranium | Pakost | 4.-5. | delením |
| Hacquetia | Hviezdnatec | – | delením |
| Helianthus decapetalus | Slnečnica | – | delením |
| Hemerocallis | Ľaliovka | 4.* | delením |
| Hepatica | Pečeňovník | – | delením |
| Hieracium | Jastrabník | 3.-4.* | delením |
| Hosta x undulata | Funkia | – | delením |
| Hypericum | Ľubovník | 4.* | delením |
| Chamomilla recutita | Rumanček pravý | 9.-11., 3.-4. | |
| Inula | Oman | – | delením |
| Iris pseudoacorus | Kosatec žltý | 3.-4.* | delením |
| Iris – ostatné druhy | Kosatec – ostatné druhy | 3.-4.** | delením |
| Isopyrum | Veterník | 3.-4. | delením |
| Jovibarba | Skalnica | – | delením ružíc |
| Juncus | Sitina | 3.-4.* | delením |
| Lamiaceae – Acinos, Calamintha, Lamium, Teucryum, Thymus | hluchavkovité – dušovka, marulka, hluchavka, hrdobarka, materina dúška | 3.-4.* | delením |
| Lemna, Wolfia | Žaburinka, Wolfia | – | delením |
| Leucanthemum | Margarétka | 3.-5. | delením |
| Linum – vytrvalé druhy | Ľan – vytrvalé druhy | 3.-5. | delením |
| Lupinus polyphyllus | Lupína mnoholistá | 3.-5. | delením |
| Luzula | Chlpaňa | 3.-4.* | delením |
| Lychnis | Kukučka | 3.-5. | delením |
| Lysimachia | Čerkáč | – | delením |
| mäsožravé rastliny | mäsožravé rastliny | 4.-7. *** | delením; in-vitro *** |
| paprade | paprade | celoročne *** | delením; in-vitro *** |
| Phlox | Flox | – | delením |
| Plantago | Skorocel | 4.* | delením |
| Primula | Prvosienka | 3.-4. | delením |
| Pyrethrum parthenium | Rimbaba obyčajná | 4.-5.(-6.) | delením |
| Ranunculus | Iskerník | 3. | delením |
| Rudbeckia hirta | Rudbekia srsnatá | 3.-4. | delením |
| Salvia – vytrvalé druhy | Šalvia – vytrvalé druhy | 3.-4. | delením |
| Saxifraga | Lomikameň | 3.-4.* | delením |
| Scutelaria | Šišak | 3.-4. | delením |
| Sedum | Rozchodník | – | delením, koreňové, stonkové a listové odrezky |
| Sempervivum | Rozchodnica | – | delením ružíc |
| Silene | Silenka | 3.-5. | delením |
| Sisyrinchium | Mečovka | 4. | delením |
| Tragopogon | Kozia brada | 3.-4. | |
| Trifolium | Ďatelina | 4. | |
| Trollius altissimus | Žltohlav najvyšší | 3.-4. | delením |
| Typha | Pálka | – | delením |
| Vicia | Vika | 4.-5. | |
| Viola | Fialka | 4.-5. | delením |
| vytrvalé trávy | vytrvalé trávy | 3.-5. | delením |
- Gök önümler
Ýaş sogan
Tohumy aprel-maý aýlarynda ýa-da awgustda kän gömmän (0,5 sm çenli) joýa gönümel ekiň. Joýany çygly hem-de haşal otlardan arassa edip saklaň (bu esasan hem ösümlikleriň çykýan wagty möhümdir). Soňra ýaş sogan kän zat talap etmeýär. Ol gür bogdajyklar emele getirýär, muny bolsa ýylda 2–3 gezek hökman bölekläp oturtmalydyr.
Gyş düşýänçä ýaş sogany (kök) köwläp çykarmak (takmynan 10 sm toprak gatlagy), hem-de ony öýüň ýakynynda (üst-üstüne birnäçe gat edip) çalykdyryp goýmak we ýere gaçan ýapraklar bilen basyryp goýmak bolýar. Gyşda (aýazly howada: dekabrdan fewrala çenli) her hepde ýaş soganyň köküni çykaryň we 2–3 günläp 10 oC temperaturada goýuň. Soňra olary küýzä oturdyň we otagyň penjiresiniň öňünde (iç tarapynda) goýuň. Takmynan bir hepdeden ýaş sogan ýaş çykaryp başlar we bir aýyň dowamynda siz soganyň C witamine baý terje ýaşyny ýygyp bilersiňiz.
Ukrop, fenhel, tmin, anis
Tohumlary aprelde ýa aýratyn ýa-da meselem käşiriň ýanyna ikinji derejeli ekin hökmünde ekiň. Onda soňraky idege diňe haşal otlary aýyrmak hem-de kadaly däl suwarmaklyk degişlidir. Hyýar möwsüminde hyýar konserwirläniňizde ýany bilen ukrop goşup bilersiňiz. Wegetasiýa döwründe tmin ýapraklaryny çorbada, işdäaçarda, şeýle-de etiň garniri hökmünde peýdalanyp bilersiňiz. Fenheliň, tminiň we anisiň tohumyndan ýellenmä we beýleki iýmit siňdiriş kynçylyklaryna garşy örän peýdaly çaý demlenip bilersiňiz. Güýzüne fenheliň we tminiň (şeýle hem petruşkanyň) köklerini ýygyp, gök önüm çorbasynda ulanyp bilersiňiz.
Gyzyl burç, pomidor we badamjan – tohum ekişi
Martyň ikinji ýarymynda toýunsow toprakly (diametri 6–8 sm, boýy takmynan 8 sm, uly hem bolup biler) küýzä 2–3 tohumdan ýerleşdiriň. Küýzeleri ýagty, ýöne çakdanaşa yssy däl ýerde goýuň (otag temperaturasy ýeterlik). Çakdanaşa ýokary temperatura bolýan däldir, şeýle bolanda ösümlik ýeri göçürilen mahaly temperatura sarsgynyna duçar bolmagy ahmal. Ösümligi maýyň 15-ine çenli kwartirada ösdüriň, soňra olary gönümel joýa oturdyň.
Kösükliler – noýba, nohut, soýa, ýer hozy (arahis, hytaý hozy)
Noýba, nohut, soýa öňünden şineledilmän gönümel ekin meýdanyna ekilýär. Arahis edil pomidor ýaly öňünden şineledilýär (ýokaryk serediň). Keselleriň we zyýan berijileriň ýaýramagy zerarly olar şol bir ýerde 3–6 ýyldan köp ösdürilmeli däldir.
| Görnüş | Ekiş | Tohum ýygnaýyş möhleti | ||
| möhlet | çuňluk (sm) | usul | ||
| Çogdum noýba (tohum) | 5.-6. | 5 | gämik aralygy 40×40 sm | 7.-10. |
| Çogdum noýba (kösük) | 5.-7. | 5 | gämik aralygy 40×40 sm | kösük 6.-10. |
| Çyrmaşýan noýba | 5. | 6–8 | gämik aralygy 80×80 sm | 8.-10. |
| Soýa | 1.-5.5. | 4–5 | 40 sm aralykly hatarlarda, ösümlikleriň arasy hatarda 5 sm | 9.-10. |
| Ýer hozy (arahis) | öňünden şineletmeli 3.-4., şitili oturtmaly 5.; gowy hasyl üçin parnik ýa-da oranžereýa zerur; kwartirada ýygy-ýygydan hakyky ak düşme keseline sezewar bolýar | 2 | gämik aralygy 40×40 sm, toprak gowy howalandyrylmalydyr, şeýle ýagdaýda kösükler güllänsoň ýere ornaýarlar | 8.-9.(-12.) |
| Merjimek | 4.-5. | 4 | 25 sm aralykly hatarlarda, ösümlikleriň arasy hatarda 5 sm | 8.-9. |
- Agaçlar we gyrymsylar
Ekilişi edil birýyllyklaryňky ýaly, diňe ýekeje tapawudy bar. Aýaza çydamly gönüşleriň tohumlaryny doňdurmalydyr. Şonuň üçinem olary mart-aprel aýlarynda ekiň we mellegiň bir ýerinde ýa-da penjiräniň daş ýüzünde goýup, aýazyň we pes temperaturanyň täsiri ýeter ýaly ediň.
Aýaza çydamly däl görnüşleriň (kwartirada – akasiýa, ewkalipt, lawr, …) tohumlaryny edil birýyllyklaryňky ýaly edip ekiň we 20–25 oC töweregi temperaturada saklaň.
Ekişiň çuňlugy tohumlaryň ululygyna baglydyr. Ewkaliptiň maýda tohumlary gömülmeýär-de, topraga basylyp dykylýar. Galan ownuk tohumlar ýukajyk toprak gatlagy bilen gömülýär. Irimçik tohumlar (dub, zeýtun) 3–5 sm çuňluga ekilýär. Iri tohumlar (kaştan, hoz) 5–10 sm çuňluga ekilýär.
««« Öňki makala: Enaýy welwiçiýa (Welwitschia mirabilis) – gadymy ösümlik ýetişdiriň
Ýekşenbe 20.12.2009 23:02 | Print | Ösümlik ýetişdirmek boýunça instruksiýalar
KPR kluby hakda
Ösümlikleri ekip ýetişdirmekdäki tejribäňizi paýlaşyň. Bu barada makala ýazyň we ony öz diliňizde Botanix žurnalynda çap etdiriň! Has jikme-jik maglumat üçin biziň bilen habarlaşyň.